artbagyş

[a:rtbagyş]

Gara öýüň gözenegi, açylýan ýeri, düýptärim tarapy.

  • Ol seýkin-seýkin basyp, öýüň artbagşyna bakan aýlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nika okalyp başlanaly bäri, öýüň artbagşyna geçip, «bagçynyň bagyny kesýän» syndy jygyldysy-da şol bada dyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem artbagyş - artbagşy.


Duş gelýän formalary
  • artbagşyna