art

[a:rt]

Arka, yz tarap, syrt, yz.

  • Ala köpek hasanaklap, art aýaklary bilen gar tozadyp, onuň öňünden çykdy.

  • Göterip atynyň ardyna aldy. («Görogly» eposy)

  • Düýe iki ardyny ýokary galdyranda, Mamanyň ýüzi boz-ýaz bolup: --Ýa alla! -- diýip, arkan gaýyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem art - ardym, ardyň.


Duş gelýän formalary
  • arda
  • ardam
  • ardy
  • ardym
  • ardyma
  • ardyn
  • ardyna
  • ardynda
  • ardyndan
  • ardyny
  • ardynyň
  • ardyňa
  • ardyňy
  • ardyňyzy
  • artdy
  • artdygy
  • artdylar
  • artdym
  • artdyr
  • artlaýyn
  • artlygyna