arryk ar‧ryk

  1. Hor, etsiz-gansyz, süňkleri çykyşyp duran.

    • Gök ýüň şarf onuň arryk, damarlak boýnuna oralgydy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

    • Onuň ozaldan hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Arryk adam. Arryk düşen mal.

  2. Gurpdan düşen, güýji gaçan, gowy hasyl bermeýän (ýer hakda).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem arryk - arrygy.

arrygyňy gynamak

Bir zadyň ugrunda heläk bolmak, biderek alada etmek.

  • Arrygyňy gynama, senem pu-uç! Biziň üçin arrygyňyzy gynamaň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dutar çalyp, aýdym aýdyp bilýän adamdan köp zat ýok, birneme arrygyňy gynamak gerek we olary tapyp getirmek gerek. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • arrygy-da
  • arrygymyzy
  • arrygyna
  • arrygyny
  • arrygyň
  • arrygyňy
  • arrykdy
  • arryklygy
  • arryklygyny
  • arryklygyňy
  • arryklyk
  • arryklykda