arman ar‧man 1 at

[arma:n]

  1. Ýetilmedik maksat, durmuşa geçmedik arzuw.

    • Aýsoltan bile goşuny birikdirip bilse, Begenjiň dünýäde armany ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Ökünç, duşman, öýke, kine.

    • Süýthorlaryň arman galdy janynda. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Bürgüt penjesinde, hazan ýelinde, Arman galdy gözel dagyň gülünde. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

arman çekmek

Ahmyr çekmek, gaty gynanmak, ökünmek.

arman ar‧man 2 at

[arma:n]

Şowsuzlyga uçralanda edilýän ökünji bildirýän «wah, biderek, nähak» ýaly manylarda gelýän ümlük.

  • Ýüz elli ýyl boldy doglanyň bäri, Arman, sen görmediň oňat zamany. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Gaty gowy maşgala, arman, saçy inçejik ekeni. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ine, arman, tanyşmanyňyz bolmandyr -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Arman, elimden sypaýdy.


Duş gelýän formalary
  • armana
  • armanda
  • armandan
  • armandandyr
  • armandyr
  • armanlar
  • armanlary
  • armanly
  • armanlydy
  • armanlynyň
  • armanmy
  • armansyz
  • armany
  • armanym
  • armanymdyr
  • armanymy
  • armanymyz
  • armanyna
  • armanyny
  • armanynyň
  • armanyň
  • armanyňyz