arkalaşmak işlik

Biri-biriňe kömekleşmek, gezekleşip biri-biriňe ýardam etmek, özara ylalaşyp, biri-biriňe kömek etmek.

  • Ýalkap dosty Çaryýar bile arkalaşyp ýerin ekdi. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Ondan soň hem arkalaşarys ahyry. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Arkalaşan ýow gaýtar. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • arkalaşan
  • arkalaşarys
  • arkalaşmaga
  • arkalaşmak
  • arkalaşmaly
  • arkalaşybam
  • arkalaşyp
  • arkalaşýandyklaryny
  • arkalaşýarlar