arka1 at

  1. Göwräniň eginden inçe bile çenli bolan tutuş bölegi.

    • Arkasy mähnet torbaly, gara dere batyp, bir aýal gapdalymyzdan geçip gitdi. («Tokmak» žurnaly)

    • Lälik çaga ýaly, hemişe arkaňyz sypalap durar öýdýämisiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Deşli garrynyň arkasy çygjarýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň syrt ýüzi, ters ýüzi, ýeňsesi, yz tarapy.

    • Nirdendir arka tarapda göz ýetmeýän bir ýerden uzaga atýan agyr toplar gazaply sesleri bilen ýolbars ýaly arlaşýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Öýüň arka ýüzi.

  3. Göçme manyda Daýanç, goldaw, hemaýat.

    • Baýlaryň hileli düwnüni çöşüp, Garybyň arkasyn çalandan seçiň! (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Sen, gardaş, adamlara gowy arka durýarsyň. (M. Gorkiý, Ene)

    • Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar. (nakyl)

  4. Kömekçi söz rolunda.

    • Ol kakasynyň arkasyndan abraý gazanjak bolýar.

arka durmak

Biriniň tarapyny çalmak, biriniň bähbidini goramak, goldamak.

arka tutunmak

Biriniň kömek etmeginde, goldawynda, hemaýatynda bolmak.

arkasyny tutmak

Tarapyny tutmak, arka durmak, tarapyny çalmak.

arka2 at

Nesil aýlanyşygynda her bir nesil.

  • Halyçydyr garryň ýedi arka nesli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

arka3 at

Arhitektura Ýaý görnüşinde gurulýan gurluşyk, ýaý görnüşinde edilýän bina.