arassalatmak işlik

  1. Birine arassa etdirmek, süpürip, ardyp tämizletmek.

  2. Daşyny, gabygyny aýyrtmak, soýdurmak, hapa ýerlerini aýyrtmak.

    • Kartoşka arassalatmak.

  3. Saplatmak, durlatmak.

    • Ýagy arassalatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem arassalatmak - arassaladýar, arassaladar, arassaladypdyr.