arassaçylyk

Tämizlik, päkizelik, arassalyk.

  • Egin-eşik arassaçylygyna çaga wagtynda-da geleňsizdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol arassaçylyga düýbünden hormat goýmaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ol arassaçylyga uly üns berýär. Düýn klubda arassaçylyk hakynda leksiýa okaldy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem arassaçylyk - arassaçylygy.