arassa

  1. Tämiz, päkize, hapa bolmadyk.

    • Suw, köpräk suw, arassa esgi, pamyk getiriň-diýdi. (M. Gorkiý, Ene)

    • Arassa jaý. Arassa depder. Gözel pagtany gaty arassa ýygýar.

  2. Dury, açyk.

    • Arassa, tämiz howa pikir-zehiniň açýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Bahar ertiri dek arassa göwün, Çagalar okýarlar, alarlar ylym. (A. Haýydow, Gök asman)

    • Arassa asman.

  3. Sap, goşantsyz.

    • Arassa spirt.

  4. Göçme manyda Päk, akýürekli, ahlak taýdan tämiz.

    • Gülsoltan örän arassa, gülden hem päk gelir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)