aramak işlik

[a:ramak]

  1. Biri-birinden aýryşdyrmak, biri birinden bölüşdirmek.

  2. Saýlamak, seljermek.

    • Pökgen aga -- Tudy entek arap kesiň -- diýip tabşyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Göçme manyda Gözlemek, agtarmak.

    • Öz nejadymy garaýyn, il bähbidini araýyn. («Görogly» eposy)

bahana aramak

seret bahana

  • Gep tapyp, bahana arajak bolma! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)

buz üstünde tozan aramak

seret tozan

  • Buz üstünde tozan aramaga başladylar. («Tokmak» žurnaly)