aram1

[a:ram]

Orta, aralyk, ne güýçli, ne ýuwaş.

  • Firidun aram, ýuwaş ses bilen okaýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ýuwaşdan arama çenli ýel boldy. Aram sowuk. Aram ýagtylyk.

aram2

[a:ram]

Parahatlyk, asudalyk, rahatlyk, ynjalyk, karar.

  • Şondan soň Ýelliniň jany aram tapyp oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Üzüm aram tapyp, uzadan golun, Gaýtadan gol salyp, guçdy serwini. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Aram girenini çaklap janyna, Mekdep müdiriniň geldi ýanyna. (A. Kekilow, Söýgi)