aralyk

[a:ralyk]

  1. Iki zadyň arasy, ortalyk.

    • Onuň telpeginiň etegi bilen maňlaýynyň aralygy örän gysby görünýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Aralykda şorluk giň meýdan bardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Aradaşlyk.

    • Aşgabat bilen Moskwanyň aralygy indi 4 sagatlyk ýol boldy.

  3. Umumy, ortalyk, hemmelere degişli bolan.

    • Aralyk mal. Aralyk zat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aralyk - aralygy.