aralamak işlik

[a:ralamak]

  1. Uruşýanlary biri-birinden aýyrmak, aralaryna düşmek.

    • Bularyň galmagalyna beýleki ýoldaşlarynyň biri turup aralajak bolsa, ýanyndaky ýoldaşy sakgalyndan tutýan ýaly bolupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Çoluk baryp aralaýança, ýoldaşlary ony mazalyja çeýnäpdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Uruşýanlary aralamak.

  2. Göçme manyda Daraklamak, daramak.

    • Rybin ýüzüni aşak salyp, sakgalyny barmaklary bilen haýat aralamaga durdy. (M. Gorkiý, Ene)