aralaşmak işlik

[a:ralaşmak]

  1. Aralamaga kömekleşmek.

  2. Arasyna, ortasyna girmek, ýakynlaşmak, golaýlaşmak.

    • Garaňky gatlyşmazyndan öň oba aralaşmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Duşmanyň çabga ýaly ýagýan okunyň astynda bular jylgaly gerişlere aralaşdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Göçme manyda Başlanmak, golaýlamak, peýda bolmak, ýetip gelmek.

    • Ümsümlik aralaşdy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Şonda ýüregine gyssanmaçlyk hem aralaşýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Iňrik garalmagy bilen bilelikde, mawy asmandan ýere ýakymly bir salkynlyk-da aralaşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)