aragatnaşyk a‧ra‧gat‧na‧şyk at

[a:ragatnaşyk]

  1. Baryş-geliş, dostlukly gatnaşyk, dostluk.

    • Aýsoltan bile Begenjiň aragatnaşygy barha ýitileşýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Olar bilen ýakyndan aragatnaşyk etmek gerek. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Baglanyşyk.

    • Düşünjäniň mazmuny bilen möçberiniň arasynda belli bir aragatnaşyk bar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  3. Gatnaw.

    • Öten agşamdan bäri gala bilen aragatnaşygymyz ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Howa aragatnaşygy. Telegraf aragatnaşygy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aragatnaşyk - aragatnaşygy.

aragatnaşyk saklamak

Baryş-geliş etmek, biri-biriň bilen habarlaşykly bolmak.


Duş gelýän formalary
  • aragatnaşyga
  • aragatnaşygam
  • aragatnaşygy
  • aragatnaşygydyr
  • aragatnaşygymy
  • aragatnaşygymyz
  • aragatnaşygymyzy
  • aragatnaşygymyzyň
  • aragatnaşygyna
  • aragatnaşygynda
  • aragatnaşygyndaky
  • aragatnaşygyndan
  • aragatnaşygyny
  • aragatnaşygynyň
  • aragatnaşygyň
  • aragatnaşygyňda
  • aragatnaşykda
  • aragatnaşykdadygyny
  • aragatnaşykdaky
  • aragatnaşykdan
  • aragatnaşykdyr
  • aragatnaşyklar
  • aragatnaşyklara
  • aragatnaşyklarda
  • aragatnaşyklardan
  • aragatnaşyklary
  • aragatnaşyklarymyzda
  • aragatnaşyklaryna
  • aragatnaşyklarynda
  • aragatnaşyklaryndan
  • aragatnaşyklaryny
  • aragatnaşyklarynyň
  • aragatnaşyklaryň
  • aragatnaşykly
  • aragatnaşyklyk
  • aragatnaşyklylyk
  • aragatnaşykmy
  • aragatnaşyksyz