[a:ra]
Orta.
Meniň ol ara düşmäge hakym ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Zordan gürrüňiniň arasyny kesdim. Aknabat eje ara düşdi.
Göçme manyda Baryş-geliş, gatnaşyk, aragatnaşyk.
Seniň bilen onuň arasy hem bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hawa, sen meniň häzirki wagtda Warwara Wasilewna bilen aramyň nähilidigini soraýarsyň. (M. Gorkiý, Eserler)
Onuň bilen aram saz däl.
Daş ýol, uzak ýol, iki nokat arasyndaky uzaklyk.
Aşgabat bilen Büzmeýiniň arasy 22 kilometr.
Kömekçi söz rolunda:
Iki at depişer, arasynda eşek öler. (nakyl)
Ara bozulmak.
Wepat bolmak, aýrylmak.
Daşlaşmak, uzaklaşmak, öňe gitmek.
Baryş-geliş bes etmek, dostlugy bozmak.
Men onuň bilen arany açdym.
Aragatnaşygy düzetmek, gowulandyrmak, ýakynlaşmak, dostlaşmak.
Aragatnaşykda däl, arabaglanyşykly däl, her biri bir ýerde, üzňe.