anyk

Açyk, aýdyň, düşnükli; gowy görünýän, takyk, mälim.

  • Iň asyllysy hem öz sowallaryna anyk jogap eşitjekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem anyk - anygy.

anygyna ýetmek

Düýp sebäbini bilmek, doly takyklamak.

  • Men seniň bilen şu gün agşam bellisini etjek, seniň işlejegiň bilen işlemejegiň anygyna ýetjek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)