amatly sypat

[a:matly]

Oňaýly, derekli, peýdaly, bähbitli, haýyrly.

  • Ol ýer seniň üçin örän amatly. («Tokmak» žurnaly)

  • Amatly wagty goldan bermegim mümkin! -- diýip howatyr etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Heý, bir amatly tarapy tapylmazmy? (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Amatly ýagdaýy elden bermezlik.