alyn

[a:lyn]

  1. Adamyň, haýwanyň we ş. m. kelle süňküniň ýüz tarapy, öň tarapy.

    • Azady ýanyna çagyrdy, başyny sypalady, gujagyna aldy-da, alyndan öpdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • At rysgaly alynda. (nakyl)

  2. Bir zadyň garşysy, öň tarapy.

  3. Kömekçi söz rolunda:

    • Gözläp ýören zadyň alynyňda ýatyr.

alynyndan diremek

Maddy we moral taýdan kömek etmek, ýardam bermek.

  • Adybeg ýykylan-sürşen ýerimizde biziň alynymyzdan direýär. («Görogly» eposy)

  • Onuň ogly ýetişdi-de, atasynyň alynyndan diredi.

alynyňa ak gün dogsun

Bagtyň açyk bolsun, işiň şowly bolsun, işiň rowaç tapsyn.

alynyňy diremek

Haraý gözläp bir ýere barmak, ýüz tutmak.