alyşmak işlik

  1. seret çalyşmak

    • Men Meret bilen çakgymy alyşdym.

  2. Biri bilen gatnaşyk etmek, gelişmek; alşyp-berişmek.

    • Ýelli goňşulary bilen goňşy okara alyşýan adam däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Birine bir zat almaga kömekleşmek.

    • Men Durda kitap alyşdym.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem alyşmak - alşar, alşypdyr.