alkym

  1. Adamyň, haýwanyň eňeginiň aşagy.

    • Onuň ýaňaklary dylçaryp, alkymy goşalanyp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Nartäjiň alkymyndaky gülýaka bolsa gün şöhlesi bilen çaknyşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Biriniň ýakyn ýany, gapdaly, golaýy.

    • Olar oturyp ine-gana maslahat etdiler, men edil alkymlaryna baryp diňledim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

alkymyndan almak

Bokurdagyndan tutmak; sözde utmak, sözde ýalanyny çykarmak.

  • Baýrama ýumrugyny çenände, Gandymyň güýçli eliniň gabarçykly aýasy onuň alkymyndan aldy. («Edebiýat»)