alkyş

Biriniň eden ýagşylygy üçin, onuň maksadyna ýetmegi üçin aýdylýan söz, edilýän arzuw.

  • Bu gyz rejäni duýup, örän köp alkyşlar diýip ýalbardy. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

alkyş okamak

Köp sag bol aýtmak.

  • Oba adamlary: --Berekella Myrada-diýşip, alkyş okadylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)