aljyratmak işlik

Birini utandyryp, howlukdyryp, başagaý etmek, garabaşyna gaý etmek, elini-aýagyny ýitirtmek, başagaýlatmak.

  • Hoşgeldi, sizi adatdan daşary bir pikir aljyradýar öýdýän! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Mama adatda kinaýaly sözlere düşünmezek, gyjytly söze üns bermezek bolsa-da, Aýnanyň soňky sözi ony aljyratdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aljyratmak - aljyradýar, aljyradar, aljyradypdyr.