aldaw at

[a:ldaw]

Hile ýa ýalan söz, galp hereket, nädogry söz.

  • Eýsem, bu bulançaklygyň sebäbi näme? Elbetde, dünýäniň aldawy, albaýy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aldawa salmak

Aldanmaga sezewar etmek, aldatmak.

  • Elbetde, garra öz ýalňyşyny düşündirmek, ony aldawa salýan adam bar bolsa, şony aýtdyrmak, oňa çäre görmek zerurdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)