aldanmak işlik

[a:ldanmak]

Aldawa düşmek, birine özüňi aldatmak, ýalan habara, nädogry zada ynanmak, aldawa gitmek.

  • Möjek özüniň aldananyny bilip, başyny aşak salyp, seňkildäp gidiberenmiş. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Indi aldanmagyň geçendir wagty. (Mollamurt, Saýlanan eserler)