alasarmyk

[a:lasarmyk]

Düşnüksiz, gümürtik, ne eýläk, ne beýläk.

  • Bu bulam-bujarlygyň barysy onuň üçin alasarmykdy. (M. Gorkiý, Ene)

  • Hawa, sen nätdiň, bizi alasarmyk edip goýduň-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garrynyň aýdanlary nähili adama düşendigini bilmän, alasarmyk bolup oturan Şirine pugta täsir etdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Artyk, Aşyra alasarmyk jogap gaýtardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem alasarmyk - alasarmygy.


Duş gelýän formalary
  • alasarmykdy
  • alasarmyklygynda
  • alasarmyklyk