alaja

[a:laja]

  1. Bir tary diňe ak, beýlekisi gara edilip işilýän ala ýüp ýa-da ýüplük.

    • Ol alaja sapak işip monjuklaryny düzdi.

  2. Halynyň gyrasyna bir ak ýüp çitilip, bir gara ýüp çitilip edilýän akly-garaly çyzmyk nagyş.

  3. Geýimiň gyrasyna, ýakasyna gara sapagy ak sapak bilen basdyryp salynýan nagyş.


Duş gelýän formalary
  • alajada
  • alajalar
  • alajalaryny
  • alajaly
  • alajam
  • alajany
  • alajanyň
  • alajasydyr
  • alajasyny
  • alajasynyň
  • alajaň