alaç at

[ala:ç]

  1. Çäre, tär.

    • Saňa hudaý kömek etsin, belkä-de, alajyny-çäresini taparsyň, belki hudaý! (M. Gorkiý, Ene)

    • Her taraplara sürüp gördüm, hiç alaç bolmaýar. («Görogly» eposy)

    • Etjek alajyň ýok! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Mümkinçilik, ugur, ýagdaý.

    • Musa aga, meniň hiçbir alajym ýok! -- diýýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Aý, işiňiz şol bolsa, onuň bir alajy tapylar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem alaç - alajy.