akyl at

Adamyň pikirlenmek ukyby, aňly-düşünjeli durmuşyň esasy.

  • Gujur azat, kuwwat azat, baş azat, Duýgy azat, akyl azat, huş azat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. (nakyl)

  • Gahar öňden ýörär, akyl-yzdan. (nakyl)

akyl bermek

Nesihat etmek, öwüt öwretmek.

akyl kesmek

Akylyň ýetmek, düşünmek, bilmek.

akyldan azaşmak

Akylyňy aldyrmak, däliremek.

akyldan ýazmak

seret akyldan azaşmak

akyly doluşmak

Akyl taýdan kämilleşmek, akyly goýalyşmak, akyllanmak.

akyly goýalyşmak

Akyllylyk derejesi artmak, akyllanmak.

  • Ýaşlar akyly goýulyşmadyk adamlardyr. (A. Gowşudow, Eserler)

akyly ýetmek

Akyly kesmek, düşünmek, bilmek.

  • Onuň iň kiçi oglunyň hem akyly ýetipdir.

akylyny aldyrmak

seret akylyňy ýitirmek

akylyny almak

Bütinleýin bir zadyň yşkyna düşürmek, bir zada berilmegini gazanmak.

  • Yşkyň höwesi onuň akylyny alypdyr.

akylyňy ýitirmek

Ugursyz pikire gitmek, akmaklyk etmek.