[a:ksowult]
Çalaryp görünýän, agymtyl reňkde bolan.
Howa gamaşyp, asmanyň ýüzüni aksowult bulut perdeläpdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Emma häzir onuň gyzgylt öwüsýän al ýaňaklary solup, ýüzi aksowult, pakgylaç görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Awtobus darajyk köçeleriň birine düşdi we aksowult tozana garyşyp, gözden sumat boldy.