akmaklyk

Ýeňilkellelik, kemakyllylyk, akylsyzlyk, samsyklyk.

  • Artyk, akmaklyk etmesene, walla! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bilgeşleýin öz boýnuna tanap saldyrmak akmaklyk dälmidi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem akmaklyk - akmaklygy.