akmak1 işlik

Bir tarapa gönükmek, dökülmek, guýulmak (suwuklyk hakda).

  • Günüň gyzgyn howry daga düşensoň, Doňak gary eräp, akýar bulagy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Niräk sowsak şol tarapa akarsyň, Su görmedik ýerlermizi ýakarsyň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Bu ýerden hem derýa akar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

akmak2

Akyly gysga, akylsyz, ýeňilkelle, samsyk, kemakyl.

  • Akmagyň başynda akyl jem bolmaz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ýagşy, ol bir akmak ekeni, Kelhana näme bolupdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Akmak myhman öý eýesine hödür eder. (nakyl)