akmaňyz1

[a:kmaňyz]

Gawunyň bir sorty.

  • Gök biýaranyň içinde akmansyz gawunlar düňderilişip ýatyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem akmaňyz - akmaňzy.

akmaňyz2

[a:kmaňyz]

Heniz durmuşyň kynçylyklaryny başyndan geçirmedik, durmuşda tejribesi bolmadyk, bişişmedik, ýaş.

  • Sen entek akmaňyz bolýarsyň, bu zatlaryň manysyna düşünmeýärsiň!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem akmaňyz - akmaňzy.