aklyk

[a:klyk]

  1. Ak reňklilik, ak reňkde bolmaklyk.

  2. Könelişen söz Syrkawa tebipçilik edeni üçin, tebibe berilýän sylag.

    • Işanlara aklyk berýärdiler. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aklyk - aklygy.