ajal at

Ölüm pursady, ölüm.

  • Soýsana şol horazy! Öz ajalyny özi dileýär. (N. Jumaýew, Ak derek)

  • Ajaly ýeten tilki hinine bakyp üýrer. (nakyl)

ajal donuny geýmek

Ölmek.

  • Neberesi sessiz galyp işine, Ol Lýudwig ajal donuny geýdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

ajala el bulamak

Howply işe baş goşmak.

ajalyňa howlukmak

seret ajala el bulamak