agzamak ag‧za‧mak işlik

Bir zat barada gürrüň etmek, aýtmak, ýatlamak.

  • Nikolaýy agzanoklarmy -- diýip, ene ýuwaşlyk bilen sorady. (M. Gorkiý, Ene)

  • Mundan bir ýyl öňküsi bolsa agzajak hem däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ol gozgalaňdan şowsuz gaýdanyny agzanda, sesiniň ysgyny gaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gurt agzasaň, gurt geler. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • agzady
  • agzadygyny
  • agzadyk
  • agzadylar
  • agzajak
  • agzaly
  • agzalyň
  • agzam
  • agzama
  • agzamady
  • agzamady-da
  • agzamaga
  • agzamagam
  • agzamagy
  • agzamagymyz
  • agzamagymyzyň
  • agzamagyndan
  • agzamagynyň
  • agzamagyň
  • agzamak
  • agzamakdan
  • agzamakçy
  • agzamaly
  • agzamalydyr
  • agzaman
  • agzamandy
  • agzamandygynyň
  • agzamazdan
  • agzamazlygy
  • agzamaýar
  • agzamaýarlar
  • agzamaýyn
  • agzan
  • agzanda
  • agzanoklarmy
  • agzany
  • agzanyň
  • agzap
  • agzapdy
  • agzapdyk
  • agzapdyr
  • agzar
  • agzardy
  • agzardylar
  • agzarlar
  • agzasa-da
  • agzasagam
  • agzasak
  • agzasaň
  • agzasy
  • agzasym
  • agzasymy
  • agzasymyz
  • agzaýan
  • agzaýar
  • agzaýardy
  • agzaýarlar
  • agzaýaryn
  • agzaýarys
  • agzaýma
  • agzaýsa
  • agzaň