agyz at

  1. Aşaky we ýokary äň aralygyndaky dil, diş ýerleşýän boşluk.

    • Agzymda ýekeje diş galmady.

  2. Iki dodagyň uzynlyk aralygy we görnüşi.

    • Arman, ol gyzyň agzy ullakan.

  3. Girelge, bir zadyň gapysy.

    • Medeni dynç seýil bagynyň agzy.

  4. Gap-gaçlaryň içine zat guýulýan ýeri, bokurdak.

    • Çuwalyň agzyny bogmak.

  5. Kömekçi söz rolunda:

    • Biz seýil bagynyň agzynda duşuşdyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem agyz - agzy.

agyz açmak

  1. Haýran galmak, geň galyp agzyňy öweltmek, aňkarmak.

    • Aşyryň şähere gözi düşende, agzy açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Adamlar içlerini çekip, agyzlaryny açdylar. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

  2. Dine ynanýan garry adamlaryň oraza tutýan wagtlaryndaky agşamlyk edinmekleri.

agyz açyp bilmezlik

Gorkyňa gepläp bilmezlik, jyňkyňy çykaryp bilmezlik.

  • Garaz, indi siziň ýanyňyzda men agzymy açmaly däl-dä. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agyz alartmak

Birini tersleşdirmek, aralaryna çöp atmak, ara bozmak, agzybirligi bozmak.

  • Onuň ähli işi, bütin ünsi göreniň aýagyndan arza ýazmak, agyz alartmak. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Obanyň agzyny alartjak bolýan Serdar köri oba pisleýär. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

agyz birikdirmek

Agzalalygy taşlamak, biri-biriňe gulak salmak, bir maksat tutmak; dil düwüşmek, dilleşmek, dostlaşmak.

agyz deňeşdirmek

Biri bilen deň sanaşmak, biri bilen sene-mene edişip durmak.

  • Seniň ýaly näkes, binamyslar bilen agzymy deňeşdirip oturmaga hem men namys edýärin! -- diýip, Ýelli hemle urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

agyz dolduryp aýtmak

Öwnüp gürlemek, ulaldyp gürrüň etmek.

  • Bu ýerde biziň agyz dolduryp aýdar ýaly şeýle bir uly hyzmatymyz ýok-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agyz kepemek

Suwsamak, suwsuzlykdan dodaklaryň guramak.

  • Uzak ýoldan gelenleriň agyzlary kepäp gidipdir.

agyz salmak

Dişlemek, ýarmak.

  • Ala ganjyk ok ýaly zabyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. (A. Durdiýew, Saýlanan eserler)

agyz suwarmak

Iýmite emenip ýuwdunmak, gultunmak.

agyz suwy

Içimlik suw, içilýän suw.

agyz süýjetmek

Süýji zat dadyrmak, tamşandyrmak.

agyz tanatmak

Gowulyk ýa-da erbetlik taýdan özüňi belli etmek, kimdigiňi bildirmek.

  • Ol eýýäm agzyny tanadypdyr.

agyz urmak

Iýip, dadyp galmak; dişlemek.

agyz ýaglamak

Biderek, amala aşmajak söz aýtmak.

agyz ýarmak

Bir gürrüňi aýtmak, gürrüň edip bermek.

  • Artygyň bugdaý içindäki başyndan geçen oýlar ýadyna düşüp, agzyny ýarmaga dili barmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen, gyrnak, eşitmedim diýme, mundan soň bir ýerde agzyňy ýaraýsaň, demiň bilen hasaplaşmaly bolarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agyz-agyzdan ýel almak

Gürrüň ýaýramak, il arasyna gürrüň bolmak.

  • «Agyz-agyzdan ýel alar» diýen ýaly, bu gürrüň bütin mekdebe ýaýrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • «Agyz-agyzdan ýel alar» diýen ýaly, bu waka barada her kim her hili gürrüň edýär. (N. Pomma, Eserler Ýygyndysy)

agyzda aş gatyklamak

seret

agyzda bolmak

Il arasynda gürrüňiň edilmek, adyň çykmak.

  • Aýakda bolandan, agyzda bol. (nakyl)

agyzdan süýt ysy gitmedik

Köpi görmedik, entek bişişmedik, tejribesiz, ýaş.

agyzdan sypdyrmak

Syr açmak, syr bildirmek.

  • Bilipsiň, eje! -- diýip, Hangeldi birden agzyndan sypdyranyny duşman galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agza alar ýaly däl

  1. Hapa, sögünç, paýyş söz.

    • Onuň aýdanlaryny agza alar ýaly däl.

  2. Baryp ýatan ajy, ýaramaz tagamly.

agza aňkarmak

Geň galmak.

  • Bütin oba onuň agzyna aňkardy.

agza bakmak

seret agza garamak

  • Ol işgärleriň hemmesini agzyna bakdyrdy.

agza düşmek

Biriniň erbetligi hakda il arasynda gürrüň ýaýramak, abraýy gaçmak.

agza garamak

Biriniň diýeni boýunça hereket etmek, biriniň diýeninden çykmazlyk.

  • Enem-de, atam-da agzyna garap otyr.

  • Müňläp adam onuň agzyna garaýardy, ol-da şonuň meýline görä hereket edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Mary ýaşulylary Nyýazbegiň agzyna garadylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agza gelenini otarmak

seret agza gelenini otlamak

agza gelenini otlamak

Näme diýýäniňi seljermän gürruň etmek, ýaňramak, samahyllamak.

  • Agza gelenini otlap ýörseň, seniň abraýyň bolmaz.

agza gelenini urmak

seret agza gelenini otlamak

  • Be, şeýle diýsene, biz onuň ýanynda her haýsymyz bir zat diýip, agzymyza geleninem-ä urduk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

agza öt (zäk) atylan ýaly bolmak

Gödek, ýaramaz söz eşitmek.

agza öýkünmek

Biriniň aýdan sözlerine göwnüýetmezçilik etmek, biriniň sözlerini ýoýup aýtmak, biriniň diýenini gaýtalamak.

agzy aşa ýetmek

Oňat ýaşap başlamak, mätäçlikden çykmak.

  • Ataň pahyryň ýaşlygy bir köne güpbiniň içinde geçdi. Agzy ýaňy aşa ýetende bolsa, bizi ýeke goýup gitdi. (Sowet edebiýaty» žurnaly)

agzy bilen ak guş almak

Oturan ýeriňden hemme zady aňsat etmek, bir işi ýerine ýetirmek barada öňünden ýerliksiz gürlemek.

  • Ony gepletseň, agzy bilen ak guş alýar.

agzy bimaza

Aş saýlaýan, göwreli.

agzy bişmek

Bir iş edip çürkenmek, kösenmek, bir zatdan aldanmak.

  • Tapan gürrüňiniň hem içiniň tutarygy bolmansoň almady. Çünki içi tutaryksyz gürrüňden bir näçe gezek agzy bişipdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer. (nakyl)

agzy boş

Içinde gep ýatmaýan, biderek gürrüň edýän, ýaňra.

  • Özüň hem eşidýäň köpelýär myş-myş, Galyň agzy boşlar «ýetmezi barmyş». («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agzy dek durmazlyk

  1. Häli-şindi iýip durmaklyk, iýermenlik.

    • Onuň agzy dek duranok, häli-şindi gäwüşäp ýör;.

  2. Ýaňralyk, nakgylyk.

agzy gowşak

Agzy açyk, özüni oňarmaýan, pöwhe.

agzy gum garbamak

Bat bilen ýüzin ýykylmak.

agzy jäheksiz

Köp gepleýän, ýaňra.

agzy mumly ýaly

Geplemezek, gürlemezek.

  • Edil agzyňyz mumly ýaly dymyşyp oturýarsyňyz. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýok, Potdy ikimiziň ýanymyzda diliniň keýpini näçe görse görer, emma başga ýerde ol barada onuň agzy mumly ýalydyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

agzy paýyş

Hapa, erbet söz aýdýan.

  • Onuň agzy paýyş, çekinmäni bilenok.

agzy tebsiremek

seret agyz kepemek

agzy ýelli

Bir gürrüňi, wakany bolşundan beter çişirip, ulaldyp, ýalan-ýaşryk goşup aýdýan.

agzy ýygmak

Dil ýetirmekden saklanmak, bir zat dogruda geplemezlik.

  • Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn-bogup. (nakyl)

agzymyň içi zirk ýaly

Agzymyn içi tup-turşy, agzyma zäk atylan ýaly.

agzyna bek

Syr duýdurmaýan, syr saklaýan, syr bermezek.

  • Ol oglan örän agzyna bekdir.

agzyna çalmak

Iýdirmek, naharlamak.

agzyna dygy bolmazlyk

seret agzy dek durmazlyk

agzyna gelenini diýmek

Erbet käýemek, sögmek.

  • Ol Merede agzyna gelenini diýdi.

agzyna it daňlan ýaly

Baryp ýatan ýaňra.

  • Ýeri how, agzyňa it daňlan ýaly uwlap gelmesene, sen uwlamasaň hem hemme kişi gitjegini bilýär. («Türkmen Pýesalary»)

agzyna pugta

seret agzyna bek

agzyna salyp bermek

Aýtjak gepini aýdyp bermek, öwretmek.

agzyna sogan dogramazlyk

Gurak salmazlyk, diýenini etmezlik, boýun egmezlik.

agzyna suw damdyrmak

Birine kömek etmek, horluk çekýäne ýardam etmek.

agzyndan ak köpük saçmak

Joşgunly gürlemek, düwlemek.

agzyndan almak

Sözüni bölmek, aýtjagyny aýtmak, öňürtmek.

  • Ol gürrüň edip oturana ýol bermän, onuň aýtjaklaryny agzyndan alýardy.

agzyndan gep almak

Bir zat hakda maglumat almak üçin birini gürletmek, gepletmek.

  • Onuň agzyndan gep almak kyn.

agzyndan gül ysy gelmek

Manyly, akylly sözlemek.

  • Geplände agzyndan gül ysy gelýär.

agzyndan kakyp almak

  1. seret agzyndan almak

  2. Aýdylýan zatlary ýekän bellemek, ýadyňda saklamak.

    • Ol atasynyň her bir sözüni agzyndan kakyp alyp, öz kalbynda ýerleşdirýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agzyny ajatmak

Ýakymsyz söz aýdyp, biriniň göwnüne degmek, birini gaty ynjatmak.

  • Wah, nähak ýere onuň agzyny ajatdylar.

agzyny ysgamak

Pikirini biljek bolup, sorap görmek, soraşdyrmak.

  • Sadap baý tanyş-bilişden, dostdan-ýardan gelinlik sorady, onuň-munuň agzyny ysgady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agzynyň diýenini gulagy eşitmezlik

Diýýänini bilmezlik, jogapkärsizlik bilen gürlemeklik, bolgusyz ýaňramaklyk.

  • Biz-ä onsoň bu adamyň agzynyň aýdanyny gulagy eşidenok eken diýip düşündik. («Tokmak» žurnaly)

agzynyň eýesi däl

Syr saklap bilmeýän, ýaňra.

  • Sen oňa bu barada aýtma, ol agzynyň eýesi däl ahyry!

agzyň tagam tapmak

Bir zatdan lezzet almak, hezil edinmek, gönenmek, bir zatdan peýda görmek.

  • Senden meniň agzym tagam tapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agzyňa buýrup bilmezlik

  1. Iýmesiz zady iýmek, berhiz saklap bilmezlik.

    • Syrkaw hiç agzyna buýrup bilenok.

  2. Diýmesiz zady diýmeklik, ýaňralyk etmeklik.

agzyňa buýurmak

Özüňe erk edip bilmek, bir zady aýtmakdan saklanmagy başarmak.

agzyňa siňek gonduryp ýörmek

Ýaltalyk etmek, özüňi oňarmazlyk, lellim bolmak.

  • Seniň diýýäniň şol agzyna siňek gonduryp ýörenmi?!

agzyňa suw alan ýaly bolmak

Sesiňi çykarman oturmak, geplemän dymyp oturmak.

agzyňdan al alsyn!

Erbet, şum habar aýdana ýüzlenip, «beýle söz aýtma, goýaweri» diýen manyny berýän aňlatma.

agzyňy açma!

Gepleme, lal bol, sem bol!

  • Äşebibi barada bolsa agzyňy hem açma. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agzyňy gury çöp bilen çalmak

Bar hem bolsa ýok diýip taklap oturmak; mysapyrsyramak.

  • Sary mirap, sen agzyňy gury çöp bilen çalmasa-na! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aşyr, sen, hanym, meselem, agzyňy gury çöp bilen çalýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agzyňy haýyr açmak

Gowy arzuwda bolmak, döwletli gürrüň etmek, gowa ýorup geplemek.

  • Sen ýöne agzyňy haýyr aç-da, aýtjak sözüňi bilip geple! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)

agzyňy sala goýbermek

Paýyş söz aýtmak.

agzyňy ýygmak

Diliňi saklamak, sözlemegi, geplemegi goýmak (köplenç ýerliksiz gürrüň hakda).

bir agza bakmak

Diňe bir adamyň ýolbaşçylygynda bolmak, şonuň aýdanyny etmek.

bir-iki agyz söz

seret söz

  • Men saňa bir-iki agyz söz aýtmaga geldim.

jüpdek agyz

Agzy kiçijik.

sözüň agzyňda

seret söz

ýüregi agzyndan çykmak

seret ýürek

  • Ýüregim agzymdan çykyp barýar.