agyrtmak işlik

[a:gyrtmak]

  1. Agyry duýulmagyna sebäp bolmak, agyry syzdyrmak.

    • Ol ýykylyp aýagyny agyrdypdyr.

  2. Göçme manyda Biriniň göwnüne degmek, birini ynjatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agyrtmak - agyrdýar, agyrdar, agyrdypdyr.

baş agyrtmak

seret baş1

  • Menden başga-da suw barada onuň başyny agyrdan köp eken. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Sen biziň başymyzy agyrtma-da, derdiňi aýt! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)