agyrmak işlik

[a:gyrmak]

Agyry duýmak, agyry syzmak.

  • Eje, meniň kelläm agyrýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gaty keçäniň üstünde ýanlary agyryp, iki ýana agdarylýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

nebsiň agyrmak

seret nebis

  • Biziň ol kiçijik çagalara nebsimiz agyrýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Nebsimiz agyrsa-da, poemada şeýle konflikti görüp bolmaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)