agyr sypat

  1. Agramy köp bolan, ýeňil bolmadyk.

    • Agyr gozalar öz saldamyna duýlar-duýulmaz yranýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Traktor agyr, ýerinden gozgap bolanok. («Tokmak» žurnaly)

  2. Kynlyk bilen aşala aşyrylýan, kyn, köp zähmet we güýç talap edýän.

    • Programma biçak agyr bolup çykdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Ýazmak gaty agyr boldy bu haty, Başlajak bolamda ýaýdandym gaty. (A. Kekilow, Söýgi)

  3. Ýakymsyz, ynjalyksyz.

    • Garaňkyrap barýan agyr howada howlynyň içi onuň ýagty gözlerine dar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Ýaman, azaply, ejirli, gaýgyly, çykgynsyz.

    • Çernyşow agyr ýagdaýda galdy. Kimler agyr günlerini biri-birleri bilen paýlaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Krylowyň çagalygy agyr ýagdaýda geçýär. («Edebiýat»)

    • Aý, gündür-dä, baý aga! Agyr hem bolsa geçýär. (G. Muhtarow, G. Seitliýew, Çopan Ogly)

  5. San taýdan köp bolan, köp, uly.

    • Agyr goşun Tejene bakan süýşüp ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Agyr zyýan çekmek.

  6. Gorkuly, howply.

    • Ýazyjy on ýylyny agyr kesel zerarly ýatyp geçirdi. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  7. Köp, gereginden artyk.

    • Agyr salgyt.

  8. Berk, gaty, rehimsiz.

    • Hökümden ýüz dönderen adam agyr jeza duçar boljakdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem agyr - agry.

agyr degmek

Erbet täsir etmek, örän gynandyrmak.

agyr dem almak

seret dem

  • Syrkaw agyr dem alýar.

agyr nahar

seret nahar

agyr söz

seret söz

  • Birine-de agyr söz diýmegin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

  • Nury, çagany beýle agyr söz bilen horlama! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

agyr uky

seret uky

agyr ýüzli

seret ýüz1

  • Munuň hem üstesine, onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Gully orta boýly, agyr ýüzli, seýrek gepli gaharjaň bir ýigitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

aýagy agyr

seret aýak

dili agyr

seret dil2

  • Dili agyr eser.

gulagy agyr

seret gulak