agtarmak işlik

  1. Birini ýa-da bir zady tapmak üçin gözlemek; döwüşdirmek, sermeşdirmek.

    • Agtaran-tapar diýipdirler. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

    • Ol şol azajyk wagty hem halk peýdasy üçin ulanmak çäresini agtarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zadyň üstüni açmak üçin barlag geçirmek.

    • Arheologlar munuň ýaly gorganlaryň köpüsini gazyp agtardylar. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Batyrgaý tejribäň şowly bolsun! Agtarsaň-taparsyň! (N. Jumaýew, Ak derek)

köne saman agtarmak

Könäni gozgamak, bir wagt bolup geçen gürrüňi gozgamak, ölçermek.