Agronomlyk käri, şu käri öwredýän okuw jaýy.
Pökgen aga, men agronomçylyk okuwyny gutardym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men nä bileýin, onuň doktorçylyk okaýanyny ýa-da agronomçylyk okaýanyny, ýöne bir ýokary mekdepde okaýanyny bilýädik. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem agronomçylyk - agronomçylygy.