agraslyk

  1. Agyrlyk, agramlylyk.

    • Garaňkynyň içinde garyň öl petdeleri agraslyk bilen gaçýardylar. (M. Gorkiý, Ene)

    • Ol agraslyk we ýadawlyk bilen uludan demini alýardy. (M. Gorkiý, Eserler)

  2. Salyhatlylyk, parasatlylyk, edeplilik.

    • Jennet agraslyk bilen ýerinden turdy. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agraslyk - agraslygy.


Duş gelýän formalary
  • agraslygy
  • agraslygynda
  • agraslygyň
  • agraslygyňy