[a:glamak]
Gözýaş etmek, gözüňden ýaş dökmek.
Birinji gezek begenjinden aglady.
Gulman baýyň körpe ogly bolsa möňňürip aglaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Göçme manyda Bir zada gynanyp zeýrenmek, ahmyr çekmek, zarynlamak.
Halkyň beýle ýagdaýyna şahyr aglaýar. («Edebiýat»)
Men şeýle hala etmiş üçin düşmän, siziň günüňize aglanym üçin düşdüm. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
«Aglamadyk çaga emjek ýok» diýip, Kän gezek eşdenňi bilýärin, eý, gyz! (B. Seýtäkow, Senemiň söýgüsi)
Güýçli jibrinmek, zorluk görüp, nala çekip, gaty gynanyp zeýrenmek.