[a:gdyk]
San taýdan artyk, mukdar taýdan köp, artyk.
Ýol uzak, işe agdyk. («Mydam taýýar» gazeti)
Göçme manyda Agyr, artyk.
Seniň sözleriň maňa agdyk.
Bir tarapa agan, gyşaran (ýük hakda).
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem agdyk - agdygy.