agdarylmak işlik

[a:gdarylmak]

  1. Bir tarapyňdan beýleki tarapyňa öwrülmek.

    • Hassa agyrysyna çydaman, çyklap, iki ýana agdarylýar. («Tokmak» žurnaly)

    • Mydam işine jür Kakaly ýatan ýerinde bir eýläk, bir beýläk agdarylyp, burawyň işi barada pikir edip ýatyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir tarapa eňip gitmek, düňderilmek, ýykylmak.

    • Pökgi wala diň arkan serrelip, agdarylan pyşdyla döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ýok edilmek, ýykylmak.

  4. Yzyna gaýtarylyp guýulmak, gaýtarylmak.

    • Çäýneklerdäki çaýlar agdaryldy.

  5. Sürülmek, depilmek.