agdartmak işlik

[a:gdartmak]

  1. Beýlesine öwürtmek, bir zady ikinji ýüzüne öwürtmek.

    • Aşyr ýazylan keçäni ol ýüzüne agdartdy.

  2. Ýykdyrmak, düşürtmek.

    • Ýüki agdartmak.

  3. Yzyna gaýtaryp guýdurmak, gaýtartmak.

    • Bagşy demlenen çaýy agdartdy.

  4. Ýer sürdürtmek, ýer depdirtmek.

    • Üzümiň düýbüni agdartdylar.

  5. Garyp, öwrüp aşagyny ýüzüne çykartmak.

    • Palawy agdartmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agdartmak - agdardýar, agdardar, agdardypdyr.