agaç

  1. Esasy düýbünden şaha aýrylyp ösýän köpýyllyk uly ösümlik.

    • Kenar boýundaky agaçlaryň ygşyldysynyň küýli owazyny sähra ýaýradýardy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Agajyň erbedi soky bolar, adamyň erbedi-sopy. (nakyl)

  2. Gurluşyk materialy, ýangyç serişdesi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agaç - agajy.

agaç etli

seret etli

  • Bu adam otuz bäş ýaşlar çemeli, onuň agaç etli, agras bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)