agşam

  1. Günüň ýaşan çagy, sutkanyň gündiz gutaransoň gije bilen aralygyndaky wagt.

    • Nabat eje, agşam düşen badyna garaja öýüniň iki taý gabsasyny-da aýryp goýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Şatlygyny paýlaşmak üçin şol agşam direktoryň ýanyna gelip giden adamyň hetdi-hasaby ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Orta bilimi bolsa men geçen ýyl aldym. Gündiz işläp, agşam okadym. (N. Jumaýew, Ak derek)

  2. Şol wagtda geçirilýän jemgyýetçilik ýygnanyşygy.

    • Edebiýat agşamy. Tans agşamy.

agşamyň haýyrly bolsun

Ýatmazdan öň birine ynjalykly ýatmagy arzuw edip aýdylýan aňlatma.

  • Agşamyň haýyrly bolsun, Sarykbaý! («Sowet edebiýaty» žurnaly)