adyllyk a‧dyl‧lyk

Adyl bolmaklyk, rehimlilik, adalatlylyk, parasatlylyk.

  • Onuň bu işi adyllyk bilen çözmegine men bar zatdan beter ynanýaryn. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Emma ol adama adyllygy, sahylygy sürtseň-de ýokjak gümany ýok. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem adyllyk - adyllygy.


Duş gelýän formalary
  • adyllygy
  • adyllygyň
  • adyllygyňyz
  • adyllygyňyza
  • adyllykdan